Adam – ýewreýçe toprak we adam sözleriň aýdylyşy meňzeşdir.
Erem – bu söz hezillik diýmegi aňladýar.
Ýewreýçe aýal we erkek sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir.
1Cor.15.45
Gen.3.22; Rev.2.7; Rev.22.2
1Sam.15.7
Dan.10.4; Gen.10.11-Gen.10.12
Gen.15.12; 1Sam.26.12
Matt.19.5; Mark.10.7; 1Cor.6.16; Eph.5.31

Köne Äht

Gelip çykyş

Giriş

Gelip çykyş Töwradyň ilkinji kitabydyr. Onuň gadymy golýazmasy ýewreýçe ýazylandyr. Kitabyň ýewreýçe ady «gelip çykyş» ýa-da «başda» diýmegi aňladyp, ol kitabyň ilkinji sözüdir. Bu kitapda dünýäniň ýaradylyşy, tutuş adamzadyň, şol sanda ysraýyl halkynyň gelip çykyşy beýan edilýär.
Gelip çykyşyň birinji bölüminde (1 – 11‑nji baplar) Ybraýym pygamberiň döwrüne çenli bolup geçen wakalar we şol döwürde ýaşan adamlar hakynda gürrüň berilýär.
Hudaýyň ýaradan zatlarynyň ählisi ajaýypdy. Emma ilkinji ynsanlar: Adam ata we How ene Rebbi diňlemän, günäniň dünýä aralaşmagyna sebäp boldular. Adamlaryň edýän günäsi gitdigisaýy artyp, Hudaýyň sabyr käsesi pürepür bolansoň, Ol tutuş adamzady sil arkaly ýok etmegi ýüregine düwdi. Reb tutuş adamzatdan diňe Nuh pygamberi we onuň maşgalasyny aman galdyrmak isledi, sebäbi olar Rebbe ybadat edip, dogruçyldylar. Hudaý olara özlerini, haýwanlaryň we guşlaryň her görnüşinden bir jübütini halas etmek üçin, uly gämi ýasamagy buýurdy. Gämi taýýar bolandan soň, heniz görlüp-eşidilmedik sil gelip, ýer ýüzündäki ähli adamlary, janly--jandarlary ýok etdi.
Silden soň Nuh pygamberiň nesli ýene-de ýer ýüzüne ýaýrady. Ýöne olaryň köpüsi Rebbe ybadat etmeklerini bes etdiler.
Kitabyň galan böleginde (12 – 50‑nji baplar) Ybraýym pygamber we onuň maşgalasy baradaky taryhy wakalar beýan edilýär. Ybraýym pygamber Rebbe iman edip, örän dogruçyl adamdy. Ol Hudaýyň görkezen ýurduna – Kengan ýurduna öz maşgalasy bilen göçdi. Hudaý ondan bir beýik halk ýaratjakdygyny, bu halka şol ýurdy miras berjekdigini, onuň nesli arkaly tutuş adamzady ýalkajakdygyny wada edip, onuň bilen äht baglaşdy. Ybraýym hem özüniň hiç perzendiniň ýokdugyna garamazdan, Hudaýyň beren bu wadasyna ynandy.
Ýyllar geçýärdi, emma Ybraýym pygamber bilen Saranyň heniz-de çagalary ýokdy. Şonda Sara öz gyrnagy Hajary Ybraýyma aýallyga berýär. Şeýdip, hezreti Ysmaýyl dünýä inýär. Ybraýym bu wada berlen oguldyr öýdüp, örän begenýär. Emma Hudaý wada berlen ogluň Ybraýymyň öz aýalyndan, ýagny Saradan doguljakdygyny ýene-de bir gezek aýdýar. Wagt geçip, wada edilen ogul, ýagny hezreti Yshak dünýä inýär. Emma Hudaý söýgüli ogluňy gurbanlyk ber diýip, Ybraýymyň imanyny synap görmekçi bolýar. Ybraýym Hudaýyň sözünden çykman, Yshagy Oňa gurbanlyk bermek üçin hanjary ýokary galdyran pursadynda, Ol onuň imanynyň näderejede güýçlüdigini görüp, gurbanlyk üçin bir goç berýär. Ybraýymyň şeýle imany Hudaýyň nazarynda dogrulyk saýylýar. Hudaý Ybraýyma beren wadasyny berjaý edip, onuň ogly Ysmaýyl pygamberden arap halkyny, ogly Yshak pygamberden bolsa ýewreý halkyny ýaradýar.
Bulardan başga-da, kitapda Ybraýym pygamberiň ogly Yshak we agtygy Ýakup pygamberleriň durmuşlary jikme-jik beýan edilýär.
Ýokarda agzalyp geçilen «äht» düşünjesi ilkinji gezek Gelip çykyş kitabynda duş gelýär. Ata-babalar berlen ähte minnetdar bolansoňlar, Hudaýa höwes bilen ybadat edýärdiler, Oňa ýakma gurbanlyklaryny berýärdiler. Ol Özüni olara aýan eden Hudaýdyr. «Ýakma gurbanlygy» we şular ýaly birnäçe gurbanlyk adalgalary, haýwanlar babatdaky «haram» we «halal» diýen düşünjeler hem ilki Gelip çykyşda duş gelýär.
Hudaý hezreti Ysmaýyla-da, hezreti Yshaga-da birnäçe tireleriň nesilbaşylary boljakdyklaryny wada edýär. Ol Ybraýym pygamberiň agtygy Ýakuba «Ysraýyl» (Ysraýyl pygamber) diýip at berýär. Ysraýylyň körpe ogly Ýusup pygamber doganlary tarapyndan Müsüre gul edilip satylýar. Emma Hudaýyň beren akyldarlygy we başarjaňlygy arkaly Ýusup Müsüriň häkimi bolýar. Kengan ýurduna düşen açlyk zerarly Ýakubyň doganlary Müsüre gelip, ol ýerde ornaşýarlar. Ýusup öz ata-babalarynyň ýurdunda uzakda ýaşamaly bolýandygyna garamazdan, Hudaýyň Öz halkyna beren wadasyny bir gün berjaý etjekdigini bilýärdi.
«Meniň sanaglym dolup barýar, ýöne Hudaý hökman siziň dadyňyza ýetişer. Hudaý sizi Müsürden çykaryp, Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada eden topragyna elter».
50:24

Mazmuny

Dünýäniň we adamzadyň ýaradylyşy 1:1–2:25
Günäniň we zorlugyň başy 3:1-24
Adam atadan Nuh pygambere çenli bolan döwür 4:1–5:32
Nuh pygamber we sil 6:1–10:32
Babyl minarasy 11:1-9
Samyň nesilleri 11:10-32
Ata-babalar: Ybraýym, Yshak, Ýakup 12:1–35:29
Ysawyň nesilleri 36:1-43
Ýusup we onuň doganlary 37:1–45:28
Ysraýyllar Müsürde 46:1–50:26


Mukaddes Kitap
http://ibt.org.ru/bible
Mukaddes Kitap (2017) Mukaddes Kitap türkmen dilinde.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2017



Creative Commons: by-nd: © Институт перевода Библии; Информацию о лицензии этого издания можно найти здесь: https://wiki.creativecommons.org/images/d/d4/Attribution_3.0_%D0%A1%D0%A1_BY-ND_rus.pdf

Mukaddes Kitap Terjime Instituty
Институт перевода Библии, 101000 Москва, Главпочтамт, а/я 360
ibt_inform@ibt.org.ru
назад
закрыть
:
1 Şeýdip, tutuş älem-jahanyň we ondaky ähli zatlaryň ýaradylyşy tamamlandy.
2 Hudaý ýedinji günde ähli işini tamamlap, şol gün dynç aldy.3 Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde ýalkady, sebäbi Ol şol gün ähli ýaradyş işlerini tamamlap, dynç aldy.

Adam ata bilen How ene Erem bagynda

4 Hudaýymyz Reb gögi we ýeri ýaradanda bolup geçen wakalar şulardyr:
Hudaýymyz Reb ýeri we gögi ýaradanda,
5-6 ýer ýüzünde heniz gyrymsy agaç ýokdy, gök ot hem bitmändi, çünki Hudaýymyz Reb ýere ýagyş ýagdyrmandy we ýeri bejermek üçin entek hiç kimi ýaratmandy, emma ýeriň astyndan çykan suw tutuş topragy suwarardy.7 Hudaýymyz Reb toprakdan adam ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy.
8 Hudaýymyz Reb gündogarda ýerleşen Eremde bag oturdyp, adamy şol ýerde ýerleşdirdi.
9 Hudaýymyz Reb ol ýerde süýji, dürli-dürli owadan miweli agaçlary gögertdi. Bagyň ortarasynda iki sany daragt: ýaşaýyş daragty hem-de ýagşyny-ýamany saýgaryş daragty bardy.
10 Erem bagyny suwarýan derýa Eremiň içinden akyp geçip, bagyň gutaran ýerinde dört derýa bölünýär.
11-12 Birinji derýanyň ady Pişondyr; ol derýa altyna baý bolan bütin Hawyla ýurdunyň içinden akyp geçýär. Ol ýerde sap altyn, bdolah hem-de hakyk diýen gymmatbaha daşlar bar.13 Ikinji derýanyň ady Gihondyr. Ol tutuş Kuş ýurdunyň içinden akyp geçýär.14 Üçünji derýanyň ady Tigrdir. Ol Aşuryň gündogaryndan akyp geçýär. Dördünji bolsa Ýewfrat derýasydyr.
15 Erem bagyny işläp bejereri we oňa gözegçilik ederi ýaly, Hudaýymyz Reb adamy ol bagda ýerleşdirdi.
16 Hudaýymyz Reb adama şeýle emr etdi: «Sen bagdaky islän agaçlaryň miwesinden arkaýyn iýip bilersiň.17 Ýöne ýagşyny-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň».
18 Hudaýymyz Reb: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi.
19 Hudaýymyz Reb ähli haýwanlary, guşlary toprakdan döretdi we adamyň olary atlandyryşyny görmek üçin, olary onuň ýanyna getirdi. Adam ähli janly--jandarlara näme at beren bolsa, şol-da olaryň ady boldy.
20 Şunlukda, adam ähli mallara, guşlara, ähli haýwanlara at berdi. Ýöne adamyň özüne laýyk kömekçi tapylmady.
21 Hudaýymyz Reb adamy agyr uka giderdi; adam ukudaka, Reb onuň bir gapyrgasyny alyp, boşap galan ýerini et bilen örtdi.
22 Hudaýymyz Reb adamyň bedeninden alan şol gapyrgasyndan aýal ýaratdy we ony adamyň ýanyna getirdi.23 Adam ony görüp: «Ine, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir; ol aýal bolar, çünki ol erkekden alnandyr» diýdi.24 Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birigýär we olaryň ikisi bir ten bolýar.
25 Adam-da, onuň aýaly-da ýalaňaçdylar, olar heniz utanmany bilmeýärdiler.