Bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň – bu jümle käbir golýazmalarda bütin ýer ýüzi diýip duş gelýär.
John.1.1
Matt.19.4; Mark.10.6

Köne Äht

Gelip çykyş

Giriş

Gelip çykyş Töwradyň ilkinji kitabydyr. Onuň gadymy golýazmasy ýewreýçe ýazylandyr. Kitabyň ýewreýçe ady «gelip çykyş» ýa-da «başda» diýmegi aňladyp, ol kitabyň ilkinji sözüdir. Bu kitapda dünýäniň ýaradylyşy, tutuş adamzadyň, şol sanda ysraýyl halkynyň gelip çykyşy beýan edilýär.
Gelip çykyşyň birinji bölüminde (1 – 11‑nji baplar) Ybraýym pygamberiň döwrüne çenli bolup geçen wakalar we şol döwürde ýaşan adamlar hakynda gürrüň berilýär.
Hudaýyň ýaradan zatlarynyň ählisi ajaýypdy. Emma ilkinji ynsanlar: Adam ata we How ene Rebbi diňlemän, günäniň dünýä aralaşmagyna sebäp boldular. Adamlaryň edýän günäsi gitdigisaýy artyp, Hudaýyň sabyr käsesi pürepür bolansoň, Ol tutuş adamzady sil arkaly ýok etmegi ýüregine düwdi. Reb tutuş adamzatdan diňe Nuh pygamberi we onuň maşgalasyny aman galdyrmak isledi, sebäbi olar Rebbe ybadat edip, dogruçyldylar. Hudaý olara özlerini, haýwanlaryň we guşlaryň her görnüşinden bir jübütini halas etmek üçin, uly gämi ýasamagy buýurdy. Gämi taýýar bolandan soň, heniz görlüp-eşidilmedik sil gelip, ýer ýüzündäki ähli adamlary, janly--jandarlary ýok etdi.
Silden soň Nuh pygamberiň nesli ýene-de ýer ýüzüne ýaýrady. Ýöne olaryň köpüsi Rebbe ybadat etmeklerini bes etdiler.
Kitabyň galan böleginde (12 – 50‑nji baplar) Ybraýym pygamber we onuň maşgalasy baradaky taryhy wakalar beýan edilýär. Ybraýym pygamber Rebbe iman edip, örän dogruçyl adamdy. Ol Hudaýyň görkezen ýurduna – Kengan ýurduna öz maşgalasy bilen göçdi. Hudaý ondan bir beýik halk ýaratjakdygyny, bu halka şol ýurdy miras berjekdigini, onuň nesli arkaly tutuş adamzady ýalkajakdygyny wada edip, onuň bilen äht baglaşdy. Ybraýym hem özüniň hiç perzendiniň ýokdugyna garamazdan, Hudaýyň beren bu wadasyna ynandy.
Ýyllar geçýärdi, emma Ybraýym pygamber bilen Saranyň heniz-de çagalary ýokdy. Şonda Sara öz gyrnagy Hajary Ybraýyma aýallyga berýär. Şeýdip, hezreti Ysmaýyl dünýä inýär. Ybraýym bu wada berlen oguldyr öýdüp, örän begenýär. Emma Hudaý wada berlen ogluň Ybraýymyň öz aýalyndan, ýagny Saradan doguljakdygyny ýene-de bir gezek aýdýar. Wagt geçip, wada edilen ogul, ýagny hezreti Yshak dünýä inýär. Emma Hudaý söýgüli ogluňy gurbanlyk ber diýip, Ybraýymyň imanyny synap görmekçi bolýar. Ybraýym Hudaýyň sözünden çykman, Yshagy Oňa gurbanlyk bermek üçin hanjary ýokary galdyran pursadynda, Ol onuň imanynyň näderejede güýçlüdigini görüp, gurbanlyk üçin bir goç berýär. Ybraýymyň şeýle imany Hudaýyň nazarynda dogrulyk saýylýar. Hudaý Ybraýyma beren wadasyny berjaý edip, onuň ogly Ysmaýyl pygamberden arap halkyny, ogly Yshak pygamberden bolsa ýewreý halkyny ýaradýar.
Bulardan başga-da, kitapda Ybraýym pygamberiň ogly Yshak we agtygy Ýakup pygamberleriň durmuşlary jikme-jik beýan edilýär.
Ýokarda agzalyp geçilen «äht» düşünjesi ilkinji gezek Gelip çykyş kitabynda duş gelýär. Ata-babalar berlen ähte minnetdar bolansoňlar, Hudaýa höwes bilen ybadat edýärdiler, Oňa ýakma gurbanlyklaryny berýärdiler. Ol Özüni olara aýan eden Hudaýdyr. «Ýakma gurbanlygy» we şular ýaly birnäçe gurbanlyk adalgalary, haýwanlar babatdaky «haram» we «halal» diýen düşünjeler hem ilki Gelip çykyşda duş gelýär.
Hudaý hezreti Ysmaýyla-da, hezreti Yshaga-da birnäçe tireleriň nesilbaşylary boljakdyklaryny wada edýär. Ol Ybraýym pygamberiň agtygy Ýakuba «Ysraýyl» (Ysraýyl pygamber) diýip at berýär. Ysraýylyň körpe ogly Ýusup pygamber doganlary tarapyndan Müsüre gul edilip satylýar. Emma Hudaýyň beren akyldarlygy we başarjaňlygy arkaly Ýusup Müsüriň häkimi bolýar. Kengan ýurduna düşen açlyk zerarly Ýakubyň doganlary Müsüre gelip, ol ýerde ornaşýarlar. Ýusup öz ata-babalarynyň ýurdunda uzakda ýaşamaly bolýandygyna garamazdan, Hudaýyň Öz halkyna beren wadasyny bir gün berjaý etjekdigini bilýärdi.
«Meniň sanaglym dolup barýar, ýöne Hudaý hökman siziň dadyňyza ýetişer. Hudaý sizi Müsürden çykaryp, Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada eden topragyna elter».
50:24

Mazmuny

Dünýäniň we adamzadyň ýaradylyşy 1:1–2:25
Günäniň we zorlugyň başy 3:1-24
Adam atadan Nuh pygambere çenli bolan döwür 4:1–5:32
Nuh pygamber we sil 6:1–10:32
Babyl minarasy 11:1-9
Samyň nesilleri 11:10-32
Ata-babalar: Ybraýym, Yshak, Ýakup 12:1–35:29
Ysawyň nesilleri 36:1-43
Ýusup we onuň doganlary 37:1–45:28
Ysraýyllar Müsürde 46:1–50:26


Mukaddes Kitap
http://ibt.org.ru/bible
Mukaddes Kitap (2017) Mukaddes Kitap türkmen dilinde.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2017



Creative Commons: by-nd: © Институт перевода Библии; Информацию о лицензии этого издания можно найти здесь: https://wiki.creativecommons.org/images/d/d4/Attribution_3.0_%D0%A1%D0%A1_BY-ND_rus.pdf

Mukaddes Kitap Terjime Instituty
Институт перевода Библии, 101000 Москва, Главпочтамт, а/я 360
ibt_inform@ibt.org.ru
назад
закрыть
:

Hudaý dünýäni we adamzady ýaradýar

1 Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy.
2 Dünýä şekilsiz boşlukdy, suwlaryň ýüzi tüm-garaňkylyk bilen örtülendi. Suwuň ýüzünde Hudaýyň Ruhy perwaz urýardy.
3 Hudaý: «Ýagtylyk bolsun!» diýdi. Ýagtylyk peýda boldy.
4 Hudaý ýagtylygyň gowudygyny görüp, ony tümlükden bölüp aýyrdy.5 Hudaý ýagtylygy gündiz, tümlügi bolsa gije diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ilkinji gündi.
6 Hudaý: «Suwlaryň aralygynda gümmez bolsun we ol suwy suwdan bölüp aýyrsyn!» diýdi.
7 Şeýdip, Hudaý gümmez ýaratdy. Ol gümmeziň astyndaky suwy ýokarsyndaky suwdan bölüp aýyrdy.8 Hudaý gümmezi asman diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ikinji gündi.
9 Hudaý: «Asmanyň astyndaky suwlar bir ýere jemlensin we gury ýer emele gelsin!» diýdi. Bu şeýle-de boldy.
10 Hudaý gury ýeri ýer, bir ýere jemlenen suwlary bolsa deňiz diýip atlandyrdy. Hudaý munuň gowudygyny gördi.11 Soňra Hudaý: «Ýerde her dürli ösümlikler emele gelsin. Tohum berýän her dürli ösümlikler we tohumy miwesiniň içinde bolan her dürli miweli agaçlar össün. Soňra olaryň tohumlaryndan dürli ösümlikler we agaçlar gögersin» diýdi. Bu şeýle-de boldy.12 Şeýdip, ýer tohum berýän her dürli ösümlikleri we tohumy miwesiniň içinde bolan her dürli miweli agaçlary öndürdi. Hudaý munuň gowudygyny gördi.13 Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu üçünji gündi.
14 Hudaý: «Gündizi gijeden aýyrmak üçin asmanda şamçyraglar bolsun. Goý, olar baýramçylyklary, günleri we ýyllary görkezsin.
15 Şamçyraglar asmanyň gümmezinde bolup, ýer ýüzüne ýagty saçsynlar!» diýdi. Bu şeýle-de boldy.16 Şeýdip, Hudaý iki sany beýik şamçyragy – gündizi dolandyrmak üçin uly şamçyragy, gijäni dolandyrmak üçin kiçi şamçyragy hem-de ýyldyzlary döretdi.17-18 Ýeriň ýüzüne ýagtylyk bermek, gündiz bilen gijäni dolandyrmak we ýagtylygy garaňkylykdan tapawutlandyrmak üçin, Hudaý olary asmanda ýerleşdirdi. Ol munuň gowudygyny gördi.19 Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu dördünji gündi.
20 Hudaý: «Goý, suw janly-jandarlardan dolup-daşsyn we guşlar hem asmanyň gümmezinde uçsunlar» diýdi.
21 Şeýdip, Hudaý äpet deňiz aždarlaryny, suwda ýüzýän dürli suw jandarlaryny we dürli guş-gumrulary ýaratdy. Ol munuň gowudygyny gördi.22 Hudaý: «Deňiz jandarlary örňäň, köpeliň, deňizleri dolduryň, ýer ýüzündäki guşlar köpeliň» diýip, olara pata berdi.23 Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu bäşinji gündi.
24 Hudaý: «Ýer öz görnüşlerine görä jandarlary: mallary, süýrenijileri hem-de haýwanlary öndürsin» diýdi. Bu şeýle-de boldy.
25 Hudaý ýer ýüzünde dürli haýwanlary, mallary hem-de süýrenijileri döretdi. Ol munuň gowudygyny gördi.
26 Onsoň Hudaý: «Indi Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi.
27 Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, hawa, Hudaý ony Öz keşbinde ýaratdy, olary erkek we aýal edip ýaratdy.
28 Hudaý erkege we aýala: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň; balyklaryň, guşlaryň we ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlaryň üstünden höküm sürüň» diýip pata berdi.
29 Hudaý olara: «Indi Men size ýer ýüzünde tohum berýän ösümlikleri we tohumy miwesiniň içinde bolan miweli agaçlary berýärin, olar size iýmit bolar.30 Ýerdäki haýwanlaryň, gökdäki guşlaryň hemmesine we burnunda dirilik nepesi bolan ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlara ähli gök otlary iýmit üçin berýärin» diýdi. Bu şeýle-de boldy.31 Hudaý Öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu altynjy gündi.